2023-nji ýylda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirliginde hereket edýän guýulardan alnan mawy ýangyjyň möçberi 2 milliard 904 million kub metrden hem köp boldy.
Geçen ýylda göz öňünde tutulan meýilnama 104,4 göterime barabar hötde gelindi. Şunda bellenilen meýilnamadan artyk çykarylan mawy ýangyjyň möçberiniň 112 million kub metrden hem köp bolandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, çärýek asyr wagt bäri hereket edýän bu müdirlik günbatar Türkmenistanyň çäklerindäki Körpeje, Çekişler, Altyguýy ýaly ýataklarda hereket edýän guýulardan mawy ýangyjy çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak işini birkemsiz ýola goýýar. Gürrüňi edilýän hasabat döwründe guýulardan alynýan gaz kondensatynyň hasabyna nebit çig malynyň 55 müň 342 tonnasy taýýarlandy diýlip, habarda bellenilýär.