Gyrgyzystanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli brifing geçirildi

11:2126.01.2024
0
32295

2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasynyň binasynda 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli brifing geçirildi.

Bu çäräniň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem boldy.

Bu çärä Gyrgyzystanyň Ylymlar akademiýasynda Ç.Aýtmatowyň adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ýolbaşçylygy, Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň rektoraty, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasy, öňdebaryjy syýasatçy alymlar, metbugat wekilleri, Bişkekdäki uniwersitetlerde okaýan türkmenistanly talyplar, şeýle hem türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdy.

Brifingde çykyş edenler beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar bu çäräniň Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyny, esasan hem iki ýurduň arasyndaky medeni alyş-çalyşyň, hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde möhümdigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň