Turkmenportal logo
25.01.24
3211732117
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap welaýatynda 30 ýyllyk möhletli karzlaryň hasabyna ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Lebap welaýatynda «Pisseli», «Arzuwly ugur», «Paýhasly ýörelge», «Syrly sandyk» ýaly hususy gurluşyk kärhanalary döwletden alynýan 30 ýyllyk möhletli karzlaryň hasabyna bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 165-siniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barýarlar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, Kerki şäheriniň demirgazyk böleginde emele gelen ýaşaýyş jaý toplumynda eýýäm jaý toýlary-da tutulyp başlandy. Kerki şäherine özboluşly görk berjek bu täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de 72-sinde gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýakyn günlerde olaryň eýeleri-de täze jaýlara göçüp bararlar diýlip, habarda bellenilýär.