Turkmenportal logo
24.01.24
3042630426
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarydyr, hünärmenleriniň gatnaşmagynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.


Maslahatda çykyş edenler 2024-nji ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp atlandyrylmagynyň, türkmen halkyny has-da buýsandyrandygyny belläp geçdiler. Çünki akyldar şahyryň döredijiligi türkmen döwletiniň we agzybir türkmen halkynyň dünýäniň ýüzünde ýeten belent derejesidir.



Bellenilişi ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.


Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň taryhy-medeni mirasy aýawly gorap saklamaga we ony dünýä ýaýmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň hem-de medeni diplomatiýasynyň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.