Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Akdost Russiýanyň çempiony boldy

20:0020.01.2024
0
52164
Akdost Russiýanyň çempiony boldy
Surat: tatar-inform.ru

Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowyň Akdus atly alabaýy, Russiýanyň çempiony boldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Kinologiýa federasiýasy habar berýär.

«Agzalarymyz köplenç Akdusyň ýagdaýyny soraýarlar. Ol tüweleme. Ol iň ýokary baýragy aldy, Russiýanyň çempiony boldy! Akdus çempion!» diýip, Rustam Minnihanow «Telegram» kanalynda ýazýar.

Onuň ady tatarça bolup, türkmen diline terjime edilende «Ak dost» diýen manyny berýär. Akdus heniz kiçijek güjük mahaly 2021-nji ýylda Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň