Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda halkara maslahat we Türkmen-hytaý forumy geçiriler

22:5119.01.2024
0
17939

Şu ýyl nusgawy türkmen şahyry we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahaty, şeýle hem 3-nji Türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün — 19-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesowyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň 2024-nji ýyl üçin taýýarlanan iş meýilnamalary baradaky hasabatynda aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl üçin iş meýilnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň