Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň Aşgabat — Mary böleginiň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdy

05:3313.01.2024
0
88638

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri iş saparynyň çäklerinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Aşgabat — Mary böleginiň gurluşygynyň dowam edýän ýerine bardy. Bu barada HHM ýazýar.

Gurluşygy dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurduň ykdysady ösüşini hem-de Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň artmagyny şertlendirýän giň möçberli desgadyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ähmiýetli ýoluň gurluşygynda işleýän ýol gurluşykçylar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň işleri, döredilýän mümkinçilikler bilen gyzyklandy.

«Altyn Nesil» hojalyk jemgyýetiniň ýol gurluşyk inženeri S.Ýowşanow ýoluň Aşgabat — Mary böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy barada aýtdy.

«Häzirki döwürde döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde, gurluşyk işleri ýokary depginlerde dowam edýär» diýip, Ýowşanow nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu maglumatlaryň örän gowy görkezijidigini belläp, gurluşykçylary gazanýan üstünlikleri bilen gutlady hem-de olaryň bu ugurda toplan iş tejribeleri, ýol gurluşygynyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde yhlasly zähmet çekýän ýol gurluşykçylary bilen ýadygärlik surata düşdi we olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlary gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň