Aşgabat şäherinde Hindistanyň ilçisi Widhu Pithambaran Nair bilen onuň Türkmenistandaky diplomatik işiniň jemleri boýunça üçin metbugat ýygnagy geçirildi. Bu barada «Turkmenportalyň» habarçysy habar berdi.
Diplomat öz çykyşynda dürli derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigine ünsi çekdi. Onuň aýtmagyna görä, bu Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň pugtalanýandygyny görkezýär.
Diplomat ykdysady ugurda özara söwdany giňeltmegiň we ykdysady ösüş üçin bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Pandemiýa sebäpli ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, iki ýurduň arasynda özara söwda dolanyşygynda oňyn ösüş saklanylyp, bu görkeziji 2023-nji ýylda, takmynan, 300 million amerikan dollary töwereginde boldy.
Mundan başga-da, ulag infrastrukturasynyň strategiki ähmiýeti we hindi tarapynyň Türkmenistana Merkezi Aziýanyň ulag-üstaşyr merkezi hökmünde garaýandygy aýratyn nygtaldy.
Ilçi, esasan hem, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek üçin ýaşlaryň arasynda bilim we medeni alyş-çalşygy giňeltmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Widhu Pithambaran Nair çykyşynyň dowamynda türkmen halkynyň myhmansöýerligine ýokary baha berdi hem-de Türkmenistany özüniň Hindistanyň ilçisi bolup işlän ýerleriniň arasyndaky iň gowy ýurt diýip atlandyrdy. Şeýle hem, gyzynyň Türkmenistanda işleýän wagtynda dünýä inendigini, munuň bolsa özi üçin iki ýurduň arasyndaky dostlugyň aýratyn nyşanyna öwrülendigini aýtdy.
Sözüniň ahyrynda Widhu Pithambaran Nair Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna ynam bildirdi.