Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halkara gatnaşyklary institutynda «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyň tanyşdyrylyşy boldy

19:2106.01.2024
0
19939

Şu gün — 6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Daşary işler ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet hukuk we demokratiýa institutynyň we ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabaranyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar institutyň baş binasynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar.

Dabarada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýew we beýlekiler çykyş etdiler.

Çykyş edenler ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan döwlet syýasatynyň çäklerinde ähli mümkinçilikleriň we şertleriň döredilýändigi, häzirki döwürde ýurduň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýändigi barada nygtap geçdiler.

Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary, Türkmenistanyň ýaşlarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenen Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda gazanan üstünlikleriniň beýan edilmegi bilen baglanyşykly ýürek buýsançlaryny aýtdylar..

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň