2023-nji ýylyň geçen on bir aýynda Lebap welaýatynda etiň 133,7 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 553 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 217 million sanysy öndürildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berilýär.
Bu zerur önümleriň esasy böleginiň hususy hojalyklarda öndürilendigi bellärliklidir. Munuň özi ýurtda oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin amatly şertleriň döredilýändigi, olara döwletimiz tarapyndan giň goldaw-hemaýatyň berilýändigi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr diýlip, habarda bellenilýär.
Welaýatyň ähli hojalyklary boýunça mallaryň we guşlaryň baş sany barha artýar. Bu görkeziji şu ýylyň dekabr aýynyň başyna iri şahly mallar boýunça 527,9 müň başa, dowarlar boýunça 2 million 481,7 müň başa, guşlar boýunça 3 million 913,1 müň başa, düýeler boýunça 5,6 müň başa, gylýallar boýunça 2,8 müň başa barabar boldy.