Turkmenportal logo
15.12.23
3033330333
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Taýlandyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň we Taýland Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň gurluş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi.


Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça häzirki meseleler we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar.


Habarda bellenilişi ýaly, söhbetdeşler dürli derejedäki saparlary alyşmak, Türkmenistanyň hem-de Taýlandyň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem parlamentara dostluk toparyny döretmek we iki ýurduň parlamentarlarynyň saparlaryny alyşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Taraplar halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň çäklerinde türkmen-taýland gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini bellediler.


Habarda bellenilişi ýaly, diplomatlar Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleri dowam etdirmegiň, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem Türkmenistanyň we


Taýlandyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda işewürlik forumlaryny geçirmek arkaly söwda-ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler.