Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mikoplazma pnewmoniýasy birnäçe ýurda ýaýrady

10:5209.12.2023
0
23599
Mikoplazma pnewmoniýasy birnäçe ýurda ýaýrady
Surat: ru.freepik.com

Ilki Hytaýda hasaba alnan mikoplazma öýken sowuklamasynyň ýokanjy bilen bagly ýagdaý ýaramazlaşýar, kesel indi Daniýada, Fransiýada, Niderlandlarda we Russiýada hasaba alyndy diýip, «Habar 24» ýazýar.

Noýabryň başynda Hytaýyň Milli saglygy goraýyş komissiýasy ýurtda öýken-dem alyş ýollarynyň sowuklamasyna, şol sanda mikoplazma pnewmoniýasyna ýolugan hassalaryň sanynyň artýandygyny habar berdi. Hassalaryň ortaça ýaşy 5-12 ýaş aralygyndadyr. Ýokanç, esasan, içki agzalara, bogunlara we nerw ulgamyna howp salýar.

Keseliň esasy aýratynlygy alamatlarynyň uzak wagtlap ýüze çykmazlygydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň