Turkmenportal logo
08.12.23
1586615866
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Uzynada ýatagynda ýangyç çig malynyň bol akymlary alyndy
Uzynada ýatagynda ýangyç çig malynyň bol akymlary alyndySurat: turkmennebit.gov.tm

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň müdirlikleriniň zähmet toparlary uglewodorod çig malyna baý ýataklary senagat taýdan özleşdirmekde göreldeli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler. Şunda Uzynada ýatagynda bitirilýän işler has-da döwrebaplygy bilen tapawutlanýar diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, ýakynda bu ýerde burawlanýan 74-nji, 76-njy we 83-nji belgili ulanyş maksatly guýularda gazuw işleri üstünlikli tamamlanyp, olardan ýangyç çig malynyň bol akymlary alyndy.


«Körpeje» we «Goturdepe» buraw işleri müdirlikleriniň hünärmenleriniň gazuw işlerini tamamlan bu guýulary konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirligine tabşyryldy. Häzirki wagtda bu täze guýulardan her gije-gündizde 60 müň kub metrden gowrak mawy ýangyç we 60 — 70 tonna barabar gaz kondensaty alynýar diýlip, habarda bellenilýär.