Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä howa sammitine gatnaşýar

14:2201.12.2023
0
34967

Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary amala aşyrýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Dubaýda geçirilen Bütindünýä howa forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

TDH-niň berýän habaryna görä, «Dubai EXPO Center» binasynda geçirilen Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al-Nahaýýan we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş etdi.

Soňra Ählumumy forum plenar mejlisler görnüşinde işini dowam eder. Ählumumy howa forumynda Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, maslahatyň gün tertibiniň meseleleri boýunça ýurduň garaýyşlaryny beýan eder.

Şeýlelikde, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ählumumy howa forumyna gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Çünki, Ýer biziň umumy öýümizdir. Biz ony geljekki nesiller üçin aýawly saklamalydyrys. Ýurdumyz örän wajyp wezipeleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam bermäge çalşyp, ylalaşykly bilelikdäki hereketleri pugtalandyrmaga anyk goşandyny goşýar. Tutuş adamzadyň geljegi bolsa şol hereketlere baglydyr diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň