Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginde 895 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy

11:5321.11.2023
0
13231
«Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginde 895 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy
Surat: turkmennebit.gov.tm

«Türkmennebit» döwlet konserniniň iň iri ýataklarynda iş alyp barýan «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri şu ýylyň on aýyny üstünlikli jemlemegi başardylar. Bu ýerde ýanwar — oktýabr aýlarynda döwlete tabşyrylan «gara altynyň» umumy möçberi 895 müň 380 tonna deň boldy.

Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwrüniň önümçilik görkezijisi bilen deňeşdirilende, gymmatly uglewodorod çig malynyň jemi 6 müň 518 tonnasynyň artyk çykarylandygyna şaýatlyk edýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Geçen on aýda 361 million kub metre golaý ugurdaş gazy çykarmak baradaky meýilnama bolsa 106 göterim berjaý edildi.

Goturdepeli hünärmenleriň degişli döwürde tutuş konsern boýunça alnan nebitiň üçden birine barabaryny taýýarlamagy başarandyklaryny hem nygtamak gerek. Kuwwatly enjamlara başarjaň erk edýän hünärmenleriň irginsiz tagallasy bilen, önüm berýän guýulara tehniki hyzmat öz wagtynda ýola goýulýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň