Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Türkmentel – 2023» atly XVI halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy

10:1409.11.2023
0
31145

Şu gün Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2023» atly XVI halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH ýazýar. Çäre «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurduň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Habarda bellenilişi ýaly, forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurtda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2023» atly XVI halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygy bellenilýär.

«Ýöriteleşdirilen forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda we olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn» diýlip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagynda nygtalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň