Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we GCC hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar

10:3604.11.2023
0
25646

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi O.Çaryýewiň Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (GCC) Baş sekretary Jasem Mohamed Al Budaiwä bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda 2023-nji ýylyň iýulynda Jidda şäherinde geçirilen GCC-niň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Sammitiniň ähmiýeti nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Sammitiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen teklipleriň durmuşa geçirilmeginiň ýollary barada pikir alyşyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, "Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Geňeşiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerden ugur almak arkaly, gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek we çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar".

Ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip edendigi barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň