Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Halklaryň dostlugy – ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili» atly ýaşlaryň halkara maslahaty geçirildi

20:5630.10.2023
0
27499

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halklaryň dostlugy – ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili» atly ýaşlaryň halkara maslahaty we sergisi geçirildi. Bu barada HHM habar berýär.

Habarda bellenişi ýaly, maslahata ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary, şeýle-de ýurtda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň syýasy meseleleri boýunça hünärmeni Andriy Larin, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, DÖM-niň ýaş ilçisi Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP)Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea, BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Aýna Seýitliýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Gülşat Ýusupowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory Nurmuhammet Şihlyýew, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili kafedrasynyň müdiri, institutyň «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubynyň Geňeşiniň başlygy Çemen Wekilowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby, 2022-2023 ýyllar üçin «Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçiler» bäsleşiginiň ýeňijisi Jepbarberdi Gurbanmyradow dagy çykyş etdiler.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanda ýurduň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertleriniň döredilýändigi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmeginiň ähmiýeti, şeýle-de ýurduň ýaşlar syýasaty boýunça halkara hyzmatdaşlygy barada giňişleýin belläp geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň