Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň I saýlama oýny geçirildi

18:0917.10.2023
0
38047

Ozal habar berşimiz ýaly, 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň I saýlama oýny geçirildi.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty — umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly umumy şygary astynda geçirilýän III möwsüminiň I saýlama oýnuna Aşgabat şäherinden 4 sany, Mary welaýatyndan 2 sany, Ahal we Balkan welaýatlaryndan 1 sany ýokary synp mekdep okuwçysy gatnaşdy. Olar I saýlama oýnunyň temasyna laýyklykda, «Döwletmämmet Azady we onuň döwründe Merkezi Aziýada halkara gatnaşyklar» mowzugy boýunça sowallara jogap bermekde bäsleşdiler.

Ýeri gelende bellesek, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň saýlama oýunlaryna gatnaşjak 64 sany mekdep okuwçysy sentýabr aýynda geçirilen ýörite test synaglarynyň üsti bilen saýlanylyp alnypdy. Şol test synaglaryna Türkmenistanyň dürli künjeklerinden ýokary synp mekdep okuwçylarynyň 600-den gowragy gatnaşdy.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň I saýlama oýnunyň netijelerine görä, Aşgabat şäheriniň 108-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Güljemal Orazowa hem-de Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew ýeňiji bolup, olar bäsleşigiň ýarym final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeňijilere we gatnaşyjylara guramaçylar we hemaýatkärler tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Maglumat üçin, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi 2021-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýär. Bäsleşigiň esasy maksady türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň arasyndan diplomatiýa hünärine höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat. Häzirki wagtda bu bäsleşigiň I möwsüminiň ýeňijileriniň we gatnaşyjylarynyň 9-sy, II möwsüminiň ýeňijileriniň we gatnaşyjylarynyň 11-si Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bilim alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň