Turkmenportal logo
10.10.23
4964149641
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglandy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglandy. Bu barada degişli karar Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edildi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Ozal habar berşimiz ýaly, «Arkadag» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagy bolmak bilen, durmuş, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, meýletinçilik işleriniň ösmegine, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň guralmagyna, şeýle hem hemaýata mätäç çagalara we ýaşlara maliýe we maddy kömegini, maslahatlary we usuly taýdan kömek bermekde uly goşant goşan Türkmenistanyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi.