Şu gün günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherine bardy.
«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, Berlin şäheriniň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowy GFR-iň resmi adamlary, şeýle-de türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Habarda bellenilişi ýaly, iş saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň resmi we işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer. «Merkezi Aziýa — Germaniýa» görnüşinde ýokary derejede geçiriljek köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşmagy hormatly Arkadagyň saparynyň esasy wakasy bolar.
29-njy sentýabrda Türkmen-german işewürler geňeşiniň mejlisi geçirilip, onuň dowamynda aýry-aýry ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha berler, özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Saparyň çäklerinde, şeýle-de işewürlik forumynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti we hususy kärhanalar tarapyndan resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär.