Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen zenanlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy

14:1525.09.2023
0
44008

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda taryhy Karara gol çekdi.

Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli gol çekilen Karara laýyklykda, Arkadag şäheriniň häkimliginiň umumy bölüminiň müdiri Gülşat Mämmedowa, Ahal welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Änew şäher Jemagat hojalygy müdirliginiň 1-nji abadanlaşdyryş bölüminiň bagbany Oguljemal Ataýewa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiniň mugallymy Mäzem Garlyýewa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 17-nji orta mekdebiniň mugallymy Nurjemal Jumageldiýewa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 30-njy orta mekdebiniň mugallymy Maral Hemraýewa, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Amanjemal Berdiýewa «Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanyldy.

«Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde hem mähriban zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatlary belent hormata mynasypdyr» diýlip, resminamada aýdylýar.

Belläp geçsek, Türkmenistanda bu orden ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşyp, ogul-gyzlaryna, agtyk-çowluklaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, sowatly, giň gözýetimli, watançy, zähmetsöýer nesilleri kemala getirmekde, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak işleri bitiren zenanlara berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň