2023-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy ýarym milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.
Çeşmede bellenilişine görä, 2023-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksportynyň umumy mukdary 398,6 million amerikan dollaryna barabar boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importynda 8-nji orny eýeledi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy 118,4 million amerikan dollaryna deň boldy. Şunlukda, Türkmenistan Özbegistanyň eksportynda 12-nji basgançakdan ýer aldy. Umumylykda 2023-nji ýylyň 8 aýynyň dowamynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 517 million amerikan dollaryna deň boldy. Netijede Türkmenistan Özbegistanyň iň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň onlugyndan ýer aldy.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 8 aýynda Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 40 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Şonuň 16 milliard 434 milliony eksportyň, 23 milliard 611 milliony bolsa importyň paýyna düşýär.