Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşar

23:4916.09.2023
0
47342

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi açyldy. Mejlisiň çäklerinde 19 — 26-njy sentýabr aralygynda ýokary derejeli çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň 17 — 20-nji sentýabr aralygynda Nýu-Ýork şäherine amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görülýär.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň işine, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirer.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň Hökümet wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine iş saparyna taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy. Şol mejlisde Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjek täze oňyn başlangyçlary beýan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň