Soňky habarlar

Arhiw

Gaýgysyz Töräýew Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty — 2023-de Türkmenistana ilkinji medaly sowgat etdi

10:3212.09.2023
0
34750

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Dünýä çempionatynda ilkinji medalyny gazandy. Has takygy, türkmenistany türgen Gaýgysyz Töräýew düýn bolup geçen 81 kilograma çenli agram derejedäki bäsleşikde kiçi bürünç medala eýelik etdi.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy Gaýgysyz Töräýew 11-nji sentýabrda bolup geçen 81 kilograma çenli erkekleriň arasyndaky bäsleşiklerde ştangany itekläp götermekde 193 kilogram netije görkezip, kiçi bürünç medala eýe boldy.

Şeýlelikde, agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň hasabyna şu gezekki Dünýä çempionatyndaky ilkinji medal goşuldy. Netijede Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşda medal gazanan 21 ýurduň hataryna girdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyna 117 ýurtda türgenleriň 770-den gowragy gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň