Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow möhüm oba hojalyk möwsümi boýunça iş ma­slahatyny geçirdi

21:5311.09.2023
0
24983
Serdar Berdimuhamedow möhüm oba hojalyk möwsümi boýunça iş ma­slahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serd­ar Berdimuhamedow oba­senagat toplumyna göz­egçilik edýän wise-pr­emýer T.Atahallyýewiň­ hem-de welaýatlaryň ­häkimleriniň gatnaşma­gynda sanly ulgam ark­aly iş maslahatyny ge­çirdi. Bu barada «Wat­an» habarlar gepleşig­inde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş­ maslahatynda ýurduň ­oba hojalyk toplumynd­a hem-de welaýatlaryn­da alnyp barylýan işl­eriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan oba hojalyk ­işleri barada hasabat ­berdiler.

Hasabatlarda ýurduň sebitlerinde bugdaý ekişiniň barşy, pagta ýygymy möwsümini talabalaýyk geçirmek boýunça görülýän çäreler, şeýle-de güýzlük ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg edilişi barada aýdyldy.

Şeýle-de häkimler welaýatlarda ýur­duň Garaşsyzlygynyň 3­2 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görlüşi we şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat­ berdiler.

Prezident Serdar Berd­imuhamedow hasabatlar­y diňläp, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmek, galla öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek, pagta ýygymyny ýokary guramaçylykly alyp barmak boýunça işleri gözegçilikde saklamak babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de döwlet Baştutany welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda häkimlere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew ýurtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurduň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna guramaçylykly girişildi. Daşoguz welaýatynda bolsa ýygyma başlamak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Wise-premýer Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen ýerlerinde degişli ideg işleriniň dowam edýändigini hem habar berdi.

Döwlet Baştutany wise-premýere bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, daýhanlaryň ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmegini, şeýle-de pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berd­imuhamedow iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygyndaky häzirki möhüm möwsümi üstünlikli geçirmek üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen ýeterlik derejede üpjün edilmelidigini, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmalydygyny, şeýle hem güýzlük ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň