Ysraýyl döwletiniň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýewreýleriň Täze ýyl baýramy bolan Roş ha-Şan bellendi.
Ilçi Ysmaýil Haldiniň çakylygy bilen Roş ha-Şany bellemek üçin ýewreý jemgyýetiniň 30-dan gowrak wekili we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Haý Al Hameli çagyryldy.
2023-nji ýylda ýewreýleriň Täze ýyly 15-nji sentýabrdan 17-nji sentýabr aralygynda bellenilýär. Ilçihananyň bize düşündirişi ýaly, däp boýunça, baýramçylygy bir hepde öňünden başlamak adatdyr.
Açylyşda eden çykyşynda Ysmaýil Haldi berilýän goldaw üçin Daşary işler ministrligine we Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.