Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi täzelendi

18:5829.08.2023
0
53050

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Gismet Fizulioglu Gezalowy ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek baradaky Buýruga gol çekdi. Bu barada Apa.az habar berýär.

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň öňki ýolbaşçysy Gasan Soltanoglu Zeýnalow 2015-nji ýyldan bäri Aşgabatdaky Respublikanyň diplomatik wekilhanasyna ýolbaşçylyk edýärdi. Şeýle hem ýurduň Owganystandaky ilçisi bolup işleýärdi.

Şol bir wagtyň özünde Ilham Aliýew Azerbaýjanyň Hytaýdaky we Yrakdaky diplomatik wekilhanalarynyň täze ýolbaşçylaryny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň