Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Köpetdagyň belent gerşinde Arkadag şäheriniň ady ýazylar

23:3826.08.2023
0
43672

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, bu ýerde Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary hem-de ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän muzeýiň içki bezeg aýratynlyklaryna, muzeýiň otaglarynyň abadanlaşdyrylyşyna degişli taslamalary synlap, muzeýiň bezeg aýratynlyklarynda milli binagärlik ýörelgelerinden ugur alynmalydygyny, şunda muzeýde ýerleşdiriljek milli gymmatlyklaryň özboluşly sazlaşygyna möhüm üns berilmelidigini belledi.
Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň, hususan-da, muzeýiň hem-de Arkadag şäheriniň Baş metjidiniň içki we daşky bezeg işlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän mermer daşlarynyň görnüşleri görkezildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilýän taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda Arkadag şäheriniň muzeýiniň we Baş metjidiniň daşky görnüşlerine degişli birnäçe belliklerini aýtdy.
"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde iş maslahatyny geçirenden soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri ýolugra Arkadag şäherine barýan şaýoluň ugrunda, ýagny Köpetdagyň eteginde ýerleşýän "Polatly" monumentiniň töwereginde saklandy. Bu ýerde Köpetdagyň belent gerişleriniň birinde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän Arkadag şäheriniň adynyň ýazgysynyň şekil taslamalary görkezildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy taslamalary synlap, gymmatly maslahatlaryny berdi we ýazgynyň uzaklardan görünmelidigini, onuň gözegelüwli, özüne çekiji bolmalydygyny, aýratyn-da, ýazgynyň yşyklandyryş ulgamyna häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda çemeleşilmelidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň