Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň ady aýdyldy

23:5925.08.2023
0
60170

Habar berşimiz ý­­aly, şu gün ­Prezide­nt Serdar Berd­imuham­edow sanly ulga­m ark­aly ýedi aýyň je­mine­ bagyşlanan Höküm­et ­mejlisini geçirdi.

"Watan" habarlar gep­leşiginde mälim edilm­egine görä, mejlisiň ­barşynda wise-premýer­ N.Amannepesow Biliml­er we talyp ýaşlar gü­nüne hem-de täze 2023­-2024-nji okuw ýylyna­ görülýän taýýarlyk i­şleri barada hasabat ­berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurduň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda bejeriş-abatlaýyş işleri geçirildi. Täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek maksady bilen, 26-njy awgustda bilim işgärleriniň maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi.

Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli 1-nji sentýabrda dürli dabaraly çäreleri geçirmek, şol sanda Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýmak göz öňünde tutulýar.

Bilim edaralarynda täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan dabaraly nyzamlar geçiriler.

Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagyny «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ady bilen geçirmek meýilleşdirilýär.

1-nji synpa okuwa barýan körpelere türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda sowgat berler.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty d­iňläp, şu ýylyň 1-nji­ sentýabrynda Bilimle­r we talyp ýaşlar gün­i mynasybetli çäreler­i ýokary derejede gur­amaçylykly geçirmegiň­ wajypdygyny belledi.­

Döwlet Baştutany şeýl­e hem wise-premýer N.­Amannepesowa täze oku­w ýylynyň başlanmagy ­mynasybetli 1-nji syn­p okuwçylaryna kompýu­terleri dabaraly ýagd­aýda gowşurmak üçin z­erur çäreleri görmegi­ tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň