Turkmenportal logo
24.08.23
2958729587
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Roma» Azmun üçin göreşe goşuldy
«Roma» Azmun üçin göreşe goşuldy

Çeşmede bellenilişine görä, eýranly türkmen asylly hüjümçi Serdar Azmun üçin göreşe «Milanyň» yzysüre Italiýanyň «Roma» kluby hem goşuldy.


«Häzirki wagtda «Roma» bilen «Baýeriň» arasyndaky gepleşikler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýakyn wagtda ylalaşyk barada habar beriler» diýip, «Sky» ýazýar.


Ýeri gelende bellesek, 28 ýaşly Azmunyň «Baýer» bilen 2027-nji ýylyň iýunyna çenli niýetlenilen şertnamasy bar. Hüjümçi taýýarlyk ýygynynda alan şikesi sebäpli, bu möwsümde heniz lewerkuzenlileriň düzüminde meýdança çykmady.


Mundan ozal, Azmun bilen Sankt-Peterburgyň «Zenitiniň», şeýle-de Fransiýanyň we Saud Arabystanynyň toparlarynyň gyzyklanýandygy barada habar beripdik.