Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Hereketleriň Wena Maksatnamasy boýunça duşuşyga gatnaşýar

16:2323.08.2023
0
21470

Türkmenistan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena Maksatnamasyna syn bermeklige bagyşlanan ýokary derejeli Dialoga gatnaşýar.

22-23-nji awgustda Taýlandyň Bangkok şäherinde geçirilýän bu çäre BMG-niň wekillerini, Ýewropanyň Ykdysady Komissiýasynyň, Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy (ESCAP) ýaly guramalaryň, şeýle hem Ýewraziýa sebitiniň ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi diýip, «ORIENT» habar berýär.

Hereketleriň Wena Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, kynçylyklar, üstünlikler we bu ugurdaky öňdebaryjy tejribe, geljekki on ýyl üçin syýasaty we anyk başlangyçlary goşmak bilen esasy teklipleri işläp düzmek duşuşygyň gün tertibinden orun aldy.

Dialoga gatnaşanlar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlardaky we olaryň üstaşyr goňşularyndaky üstaşyr geçişi gowulandyrmak we söwdany ýeňilleşdirmek boýunça öňegidişlik, kynçylyklar, mümkinçilikler we öňdebaryjy tejribeler barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriniň çygrynda ýurtda durnukly ulag we sanly aragatnaşygy döretmek, elektron hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagy we pudaklaryň tehnologiki üýtgemegi barada çykyş etdi.

Ol öz hasabatynda ulag diplomatiýasyna we Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň sebit merkezi hökmündäki ornuny berkitmegine aýratyn üns berdi.

Türkmenistanyň Transport we aragatnaşyk gullugynyň baş müdiriniň orunbasary hem ýygnaga gatnaşyjylara ýurtda elektron ulag resminamalarynyň ösýän milli ulgamy, internet giňişliginde içerki bazary intensiw giňeltmek yzarlaýyş ulgamlary we onlaýn tölegler, sebitleýin maglumat alyş-çalyş ulgamynyň emele gelmegi barada maglumat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň