Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi toparlarynyň milli kuwwatyny güýçlendirýär

20:5722.08.2023
0
20107

BSGG-niň baş edarasynyň, BSGG-niň Ýewropa boýunça edarasynyň, BSGG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda jemgyýetçilik saglygy pudagynda adatdan daşary ýagdaýlara, tebigy betbagtçylyklara garşy gaýragoýulmasyz kömek toparlarynyň milli kuwwatyny güýçlendirmek ýaly meseleler ara alyp maslahatlaşdy diýip, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan habar berildi.

Üçtaraplaýyn bilelikdäki duşuşyk Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde gibrid görnüşde geçirildi.

Duşuşygyň çäginde, esasy üns milli gyssagly lukmançylyk ulgamlarynyň kuwwatyny ýokarlandyrmagyň ýollary, BSGG-niň gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi pudagynda milli mümkinçilikleri güýçlendirmek baradaky missiýasynyň tekliplerini ýerine ýetirmekde öňegidişlik, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi üçin milli koordinatorlary bellemek, BSGG tarapyndan klassifikasiýa edilen milli tiz kömek hyzmatyny döretmek, Aşgabatdaky Halkara okuw-ylmy merkezine gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi üçin sebitara okuw merkezi hökmünde garalmagy ýaly meselelere gönükdirildi.

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylara Ýewropa tiz kömek gullugynyň koordinatory Oleg Storoženko tarapyndan 2023-nji ýylyň fewral aýynda Türkiýedäki ýer titremelerinden alnan gymmatly tejribeler görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň