Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

18:5517.08.2023
0
53005
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Surat: maslahat.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagty ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalar bilen tanyşdy. Şunda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasyna taýýarlyk çärelerine möhüm ähmiýet berildi. Bu barada maslahat.gov.tm ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň ýanyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadag Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlary we Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen toplumyň ähli çäginiň we onuň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna onuň ekologiýa we arassaçylyk ýagdaýyna zerur üns bermelidigini belledi. Şunda beýik şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumy şäheriň günorta künjegindäki beýleki desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir. Aýratyn-da toplumyň we beýleki ugurdaş desgalaryň ýazgylary gözegelüwli bolmalydyr, olaryň girelgeleriniň bezeg aýratynlyklary özboluşly milli binagärlik çözgüdi bilen utgaşdyrylmalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde taýýarlanan taslamalar we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu iri medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagynyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyrynyň hem-de akyldarynyň 300 ýyllygynyň giňden baýram ediljek senesiniň hormatyna geçiriljek ägirt uly dabaralaryň özboluşly başlangyjyna öwrüljekdigini belläp, toplumyň açylyş dabarasy mynasybetli guraljak çäreleriň ýatda galyjy pursatlara beslenmelidigine ünsi çekdi.

Şeýle-de Gahryman Arkadag görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň