Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

RF-iň Wladimir, Kostroma we Iwanowo sebitlerinden Türkmenistana agaç önümleri ugradyldy

16:5010.08.2023
0
53500
RF-iň Wladimir, Kostroma we Iwanowo sebitlerinden Türkmenistana agaç önümleri ugradyldy
Surat: lesprominform.ru

2023-nji ýylyň 7 aýynda «Rosselhoznadzoryň» Wladimir, Kostroma we Iwanowo sebitleri boýunça edarasynyň gözegçiligi astynda 4674 tapgyr düzgünleşdirilen önüm barlanyldy we sertifikatlaşdyryldy. Önümler EAEU ýurtlary bilen bilelikde dünýäniň 27 ýurduna eksport etmek üçin niýetlenen diýip, «Rosselhoznadzor» habar berdi.

Eksport edilýän önümleriň esasy bölegi agaç önümler bolup, olar dünýäniň 24 ýurduna, şol sanda Türkmenistana, Hytaýa, Özbegistana, Belarusa, Gazagystana, Ermenistana, Gyrgyzystana, Gruziýa, Täjigistana, Taýlanda, Müsüre we Yraga iberildi.

Umuman alanyňda, degişli sebitlerden 165,4 müň kub metrden gowrak agaç, 861 müňden gowrak agaç önümleri eksport edildi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, üç esse köpdür. Iberilen agaç önümleriniň iň iri tapgyry 132,4 müň kub metrden gowrak bolup, ol Kostroma sebitinden eksport edildi.

Habarda bellenilmegine görä, iberilen önümler üçin 320 sany karantin fitosanitar gözegçilik akty berildi. Fitosanitar barlaglaryň netijesinde hiç hili karantin organizmi kesgitlenmegi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň