Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alşyldy

14:1210.08.2023
0
53660

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow çarşenbe güni «Bolaşak» halkara maksatnamalar merkeziniň müdiriýetiniň başlygy Olžas Sakenow bilen duşuşdy.

Astanadaky türkmen diplomatik wekilhanasynyň web sahypasynda berilýän habara görä, taraplar ylym we bilim pudagynda ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegine ünsi çekdiler, şeýle hem ylmy we tehniki işgärleriň hünärlerini ýokarlandyrmak üçin ylmy tejribe guramak arkaly Türkmenistan we Gazagystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak barada pikir alyşdylar.

Sakenow şeýle hem Gazagystanyň we «Bolaşak» talyp hakly maksatnamasynyň 10 — 12-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek saglyk, bilim we sport boýunça halkara foruma gatnaşmakçydygyny aýtdy.

Onuň pikiriçe, bu halkara forum Gazagystanyň wekiliýetine bakalawr, aspirantura we ikinji ýokary bilim maksatnamalaryny giňden hödürlemäge mümkinçilik berer.

Şol bir wagtyň özünde taraplar «Gazagystanyň daşary ýurtda bilim günleri» sergilerini geçirmek meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň