Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji aýlawynda özünden garaşylan netijäni bermedik «Şagadam» tomusky arakesmede tälimçiler we oýunçylar düzüminde käbir üýtgeşmeleri geçirdi.
Ilki bilen klubyň tälimçiler Azat Garajaýew we Begenç Garaýew bilen şertnama baglaşandygyny aýtmak gerek.
Şeýle hem «Merwden» Selim Ataýew, «Energetikden» Arslan Ýollyýew (kärende), «Ahaldan» Pirmyrat Sultanow hem-de «Aşgabatdan» Babajan Altyýew çempionatyň galan böleginde «Şagadamyň» üstünlikleri üçin göreşer.
«Şagadam» «Ahal» futbol toparyna bolsa Ruslan Priýew bilen Salim Umarowy berdi.