Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele sapar bilen barmagyna garaşylýar

15:3130.07.2023
0
37248

Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmak üçin Brýussele saparyny guramak meýilleşdirilýär.

Bu barada Türkmenistanyň ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Lýaýene ynanç hatyny gowşurmak dabarasynda mälim etdi we bu mesele boýunça bilelikdäki işe başlamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşykda energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysy türkmen tarapynyň bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek islegini oňlady we geljekde bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini belläp geçdi. Ilçi türkmen tarapynyň Ýewropa Komissiýasynyň Energetika boýunça Baş müdirligi bilen ýakyn wagtda Brýusselde gepleşik geçirmegi meýilleşdirýändigini tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda iki tarap hem Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga we öndürijiligini ýokarlandyrmaga ygrarlydyklaryny mälim etdiler diýip, newscentralasia.net Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisihanasyna salgylanyp habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň