Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Körpeje» gaz çykaryş müdirligi 1 milliard 509 million kub metr gaz çykardy

09:4727.07.2023
0
20260

Soňky ýyllarda tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirliginiň zähmet toparlary hemişe öň hatarda bolmagyň hötdesinden gelýärler. Şu ýylyň geçen alty aýynda müdirlikde hereket edýän guýulardan alnan «mawy ýangyjyň» möçberi 1 milliard 509 million kub metrden geçdi. Bu baradaky meýilnama 109,4 göterime barabar berjaý edildi.

Şunda bellenilen meýilnamadan artyk çykarylan «mawy ýangyjyň» möçberi 130 million kub metrden hem köp boldy. Gürrüňi edilýän hasabat döwründe tutuş konsern boýunça çykarylan tebigy gazyň üçden iki bölegine barabary hem hut şu müdirlige degişlidir diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Çärýek asyra barabar wagt bäri hereket edýän bu müdirlik Günbatar Türkmenistanyň çäklerindäki Körpeje, Çekişler, Altyguýy ýaly ýataklarda hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjy» çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak işini birkemsiz ýola goýýar.

Habarda bellenilişi ýaly, körpejeli hünärmenler geçen alty aýda guýulardan alynýan gaz kondensatynyň hasabyna 28 müň 712 tonna barabar nebit çig malyny taýýarlap, bu baradaky meýilnamany 137 göterim berjaý etmegi başardylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň