Turkmenportal logo
23.07.23
5473854738
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«CAFA Futsal Cup-2023»-de geçirilen ilkinji oýunda Türkmenistanyň ýygyndysy Eýrany utdy
«CAFA Futsal Cup-2023»-de geçirilen ilkinji oýunda Türkmenistanyň ýygyndysy Eýrany utdy

Türkmenistanyň milli ýygyndysy «CAFA Futsal Cup-2023» halkara ýaryşyň çäginde geçirilen ilkinji oýunda Eýranyň ýygyndy toparyny utdy. Duşuşyk şu gün Duşanbe şäherinde geçirildi we 2:1 hasabynda türkmen futzalçylarynyň peýdasyna tamamlandy.


Duşuşygyň iň gowy oýunçysy hökmünde Türkmenistan milli ýygyndysynyň derwezeçisi Pirguly Gylyçmyradow saýlandy. Bu ýeňiş Ýakub Öwezowyň toparyna üç utuk gazandyrdy. Toparçada geçirilen başga bir duşuşykda Owganystanyň ýygyndysy Gyrgyzystany 5:4 hasabynda utmagy başardy.


Merkezi Aziýa ýaryşynyň ilkinji oýun güni Täjigistan bilen Özbegistanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen tamamlanar.



«CAFA Futsal Cup-2023»-niň ikinji tapgyrynda, ýagny 24-nji iýulda türkmen topary Täjigistanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlar.


Bir aýlawdan ybarat boljak «CAFA Futsal Cup-2023» halkara ýaryşynyň çäginde duşuşyklaryň 15-si geçiriler. Ýeňiji gazanylan utuklaryň sany boýunça kesgitlener.


24-nji iýulda geçiriljek ikinji tapgyrda Täjigistanyň ýygyndy topary bilen duşuşjak türkmenistanly futzalçylar, 26-njy iýulda Özbegistanyň, 28-nji iýulda Gyrgyzystanyň hem-de 30-njy iýulda Owganystanyň milli ýygyndylary bilen güýç synanyşar.


«CAFA Futsal Cup-2023»


1-nji tapgyr


23-nji iýul (ýekşenbe)


  • Özbegistan – Täjigistan
  • Gyrgyzystan – Owganystan — 4:5
  • Eýran – TÜRKMENISTAN — 1:2

2-nji tapgyr


24-nji iýul (duşenbe)


  • Täjigistan – TÜRKMENISTAN
  • Eýran – Gyrgyzystan
  • Özbegistan – Owganystan

3-nji tapgyr


26-njy iýul (çarşenbe)


  • Täjigistan – Gyrgyzystan
  • TÜRKMENISTAN – Özbegistan
  • Owganystan – Eýran

4-nji tapgyr


28-nji iýul (anna)


  • Owganystan – Täjigistan
  • Gyrgyzystan – TÜRKMENISTAN
  • Eýran – Özbegistan

5-nji tapgyr


30-njy iýul (ýekşenbe)


  • Täjigistan – Eýran
  • TÜRKMENISTAN – Owganystan
  • Özbegistan – Gyrgyzystan