Turkmenportal logo
23.07.23
5121851218
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýeli teleýaýlym işgärleri türkmen kärdeşlerine täzeçe iş usullaryny öwretdiler
Türkiýeli teleýaýlym işgärleri türkmen kärdeşlerine täzeçe iş usullaryny öwretdiler

Türk radio we telewideniýe korporasiýasy (TRT) türkmen telewideniýesiniň wekilleri üçin amaly okuw geçirdiler diýip, «Turkmenistaninfo» TRT-e salgylanyp habar berýär.


Türkmen telewideniýesiniň wekilleri «TRT»-niň Ankaradaky esasy bölümine baryp gördüler. «TRT»-niň tejribeli işgärleri türkmenistanly kärdeşlerine surata düşürmegiň täzeçe usullary, täzelikler we animasiýa taýýarlamagyň tapgyrlary barada gürrüň berdiler. Okuw 17-nji iýulyndan 21-nji iýuly aralygynda, ýagny 5 gün dowam etdi. Oňa gatnaşan türkmenistanly hünärmenler şahadatnama aldylar, şeýle hem TRT-niň özboluşly ýaýlym tejribesi bilen tanyşdylar.


TRT tarapyndan 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri daşary ýurt habar beriş serişdeleri üçin amaly okuwlaryň geçirilýändigini bellemelidiris. 2015-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli guralan ýedi sany maksatnama boýunça Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 68-si taýýarlyk geçdi.