Turkmenportal logo
18.07.23
4342743427
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Kyzylkum» türkmenistanly futbolçy Bagtyýar Gürgenowy gözden geçirýär
«Kyzylkum» türkmenistanly futbolçy Bagtyýar Gürgenowy gözden geçirýärSurat: championat.asia

Özbegistanyň Nowaýy şäheriniň «Kyzylkum» futbol topary türkmenistanly oýunçy Bagtyýar Gürgenowy gözden geçirýär. Bu barada «www.championat.uz» saýty habar berýär.


Türkmenistanda «Köpetdag», «Altyn asyr» ýaly toparlaryň düzüminde futbol oýnan Bagtyýar Gürgenow «Kyzylkumyň» düzüminde ýurduň çempiony «Pahtakor» bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy.


Çeşmäniň ýazmagyna görä, Nowaýynyň topary tomusky arakesmede düzümi güýçlendirmek maksady bilen birnäçe futbolçylary öz hataryna çagyrypdyr. Olaryň arasynda Bagtyýar Gürgenow hem bar. Ýöne heniz «Kyzylkum» toparynyň türkmenistanly futbolçy bilen şertnama baglanşanlygy hakynda belli bir maglumat ýok.


Ýeri gelende bellesek, ýokarda agzalan ýoldaşlyk duşuşygy 2:1 hasabynda Daşkendiň «Pahtakor» toparynyň peýdasyna tamamlandy.