Top.Mail.Ru

Rahat Japarow bilen bile ýedi futbolçy «Ahalyň» türgenleşiklerine goşuldy

14:3018.07.2023
0
39590

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň häzirki çempiony «Ahal» topary uly bolmadyk arakesmeden soňra türgenleşiklere başlady.

Futbolçylaryň arasynda Gyrgyzystanyň çempiony we Täjigistanyň futbol boýunça çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi, derwezeçi Rahat Japarow hem bar. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berýär.

Rahat Japarowyň 2021-nji ýylda Duşenbäniň SSKA-synyň, 2022-nji ýylda bolsa Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparynynyň düzüminde çempion bolandygyny we şol ýyllarda wekilçilik eden çempionatlarynyň iň gowy derwezeçisi hökmünde ykrar edilendigini ýatladýarys.

Türgenleşiklerde Rahat Japarow bilen birlikde topara täze goşulan futboçylaryň ýene-de ýedisi göze ilýär. Olar Möwlamberi Goşşanow, Ýazgylyç Gurbanow, Alibek Abdyrahmanow, Ýakup Maksadow, Döwletýar Berdiýew, Ruslan Priýew we Salim Umarowdyr.

Täze futbolçylar topara AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 2023/2024-nji ýyllardaky möwsüminde üstünlikli çykyş etmäge ýardam bererler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň