Top.Mail.Ru

Gurban Berdiýew: «Dinamo» — bu örän möhüm we çynlakaý taslama

07:5510.07.2023
0
31527

Türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýew Mahaçkalanyň «Dinamo» toparyna baş tälimçi bellenileninden soňra toparyň metbugat gullugyna interwýu berdi.

Ol bu topar bilen hyzmatdaşlyk etmegine esasy sebäpleriň biri hökmünde klubyň maksatnamalaýyn ugrunyň bardygyny belledi.

«Mahaçkalanyň «Dinamosy» — bu örän möhüm we çynlakaý taslama. «Dinamonyň» Premýer-ligada Mahaçkala wekilçilik etmegini isleýärin. Şeýle wezipe goýuldy. Kyn wezipe, emma başaryp bolmajak iş däl» diýip, Gurban Berdiýew interwýuda belleýär.

Mundan başga-da, Gurban Berdiýew özüniň täze topary bilen tanyşlygy baradaky sowala şeýle jogap beripdir:

«Bu topar bilen ýakyndan tanyş diýsem ýalan gürledigim bolar. Men diňe toparyň türgenleşigini we Kawminwodada «Ahmat» bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyna syn etdi. Topar mende oňat tasir galdyrdy».

Gruban Berdiýewiň toparyň metbugat gullugyna beren interwýusynyň doly görnüşini saýtymyzyň rus tarapynda okap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň