Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Argentinanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

21:4909.07.2023
0
25995

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Argentina Respublikasynyň Prezidenti Alberto Fernandese bu ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Alberto Fernandese berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň