Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi

22:4308.07.2023
0
44467
Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde alyp baran işleri, şeýle hem Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işe başlamagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň guralyşy, işleriň alnyp barylyşy hakyndaky we beýleki meseleler girizildi.

Mejlise Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow, Gaznanyň hasapçysy Ý.Çernowa, Gaznanyň prezidentiniň kömekçisi Ý.Orazow, Gaznanyň iş dolandyryjysy K.Babaýew, onuň hukukçysy M.Hojamberdiýewa, şeýle hem Gaznanyň media-habarlar wekili A.Jepbarow, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň, Gaznanyň hasapçysy Ý.Çernowanyň hem-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň alnyp barylýan işler bilen bagly hasabatlary diňlenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilendigini belläp, geňeşiň agzalary bilen bilelikdäki işleriň ýola goýulmalydygyny aýtdy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hojalyk işlerini ýokary derejede alyp barmagyň, işgärleri seçip almagyň häzirki zaman usullarynyň ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine, olaryň usulyýet taýdan okuw geçmegine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Şunda degişli gulluklaryň utgaşykly işiniň üpjün edilmegine zerur üns berilmelidigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň ähli işgärleriniň iş we ýaşaýyş jaý üpjünçilik meselelerine hereket edýän düzgünlere we kanunçylyk talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidigine ünsi çekdi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda çagalaryň ykbalyna örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň ugurlaryny giňeltmek, şunda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi.

Gaznanyň işiniň ähli ugurlaryny ilat arasynda, şol bir wagtyň özünde halkara giňişlikde-de wagyz etmek işiniň, bu ugurda degişli makalalary taýýarlap, internet saýtlarynda zerur bolan maglumatlary ýerleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işleriniň kanunçylyga we döwrüň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagy bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň