Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyby «Beýik Ýüpek ýolundaky halkara döredijilik we miras» forumyna gatnaşdy

11:4608.07.2023
0
62466

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň 4-nji ýyl talyby Kuwwat Mämmedow, Hytaý Halk Respublikasynyň Çanşa we Nankin şäherlerinde geçirilen «Beýik Ýüpek ýolundaky halkara döredijilik we miras» forumyna gatnaşyp, Türkmenistandan wekilçilik etdi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habaryna görä, talyp ýigit dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan 900 töweregi ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikde ýeňiş gazanandygy sebäpli foruma gatnaşmak hukugyny aldy.

Forumda Kuwwat Mämmedow özüniň taýýarlan wideoşekilini görkezip, çärä gatnaşyjylara türkmen milli däp-dessurlary, we ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulan «Küştdepdi» tansy barada gürrüň berdi.

Halkara ýaşlar forumy, ÝUNESKO tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli Komissiýasy, ÝUNESKO-nyň klublarynyň merkezleriniň, Bütindünýä federasiýa Assosiasiýalarynyň we Çanşa we Nankin şäher häkimlikleri bilen bilelikde guramagynda geçirildi.

Forumyň ilkinji gününde gatnaşyjylara Çanşa şäheri we Sian derýasynyň töwereginde tanyşlyk gezelençleri guraldy. Foruma gatnaşyjylar ýygnagyň mowzugyny bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we häzirki zaman ähmiýeti, şeýle hem medeni gatnaşyklardaky orny barada pikir alyşmaga mümkinçilik aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň