Soňky habarlar

Arhiw

A.Ýazmyradow saglyk ýagdaýy sebäpli wise-premýer wezipesinden boşadyldy

21:5607.07.2023
0
53069

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow özüniň saglyk ýagdaýyny göz öňünde tutup, Prezident Serdar Berdimuhamedowa haýyş bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutany wise-premýeriň haýyşyny kanagatlandyrmak bilen, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň barşynda degişli Permana gol çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli Karary bilen, Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň Türkmenistandan agzalygyndan boşadyldy.

Annageldi Ýazmyradow bu wezipä Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasy bilen 2022-nji ýylyň 4-nji iýunynda bellenilip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň