Turkmenportal logo
07.07.23
3187031870
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Maliýe-ykdysady ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça türkmen-ýapon gepleşikleri geçirildi
Maliýe-ykdysady ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça türkmen-ýapon gepleşikleri geçirildi

2 — 5-nji iýuly aralygynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministrliginiň we bu ýurduň maliýe ministrliginiň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň maliýe we ykdysadyýet ugurlary boýunça täze resminamalary işläp taýýarlamak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.