Top.Mail.Ru

Magtymgulynyň kitaby Özbegistandaky türkmen mekdepleriniň 44-sine paýlanyldy

12:4728.06.2023
0
25755

Magtymguly Pyragynyň kitaby Özbegistandaky türkmen mekdepleriniň 44-sine paýlanyldy. Täze neşirler Özbegistanda ýaşaýan 200 müňden gowrak türkmen üçin uly sowgat boldy. Bu barada «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjy, Özbegistan Respublikasyndaky Türkmen medeniýet merkeziniň başlygy Güldäne Awezdurdyýewa habar berdi.

Magtymguly Merkezi Aziýanyň görnükli ylym ojaklary bolan Buharadaky Gögeldaş, Hywadaky Şirgazy medreselerinde okap, özüniň bu ýerde geçiren günlerini goşgularynda beýan edipdir. Söz ussadynyň özbek dilinde terjime edilen kitaplary 1 million nusgadan gowrakdyr. Soňky 10 ýylyň içinde Magtymgulynyň 10-a golaý kitaby özbek şahyrlary tarapyndan terjime edildi.

— Bu günki halkara maslahata Magtymguly Pyragynyň ýakynda çap edilen goşgular ýygyndysynyň türkmen hem-de özbek dillerindäki nusgalaryny sowgat hökmünde getirdik. Söz ussadynyň türkmen dilinde çap edilen bu neşirleri Özbegistandaky türkmen mekdepleriniň 44-sine paýlanyldy. Täze neşirler Özbegistanda ýaşaýan 200 müňden gowrak türkmen üçin uly sowgat boldy — diýip, Güldäne Awezdurdyýewa belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň